Movatterモバイル変換


[0]ホーム

URL:


Mazmuna geçiň
Wikipediýa
Gözleg

Wladimir Putin

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Putin 2021-nji ýylda

Wladimir Wladimirowiç Putin (Rusça doly ady:Влади́мир Влади́мирович Пу́тин)Russiýa Federasiýasynyň şu wagtkyPrezidentidir. Putin 7-nji Oktýabr 1952-de Sowýet Soýuzynyň Leningrad şäherinde Dünýa gelýär. Ol 1999-2000 we 2008-2012 ýyllary arasynda RF-nyň Premýer Ministri bolandyr. 2000-2008 (1-nji gezek Prezidentlik döwri) we 2015-nji ýylyň 7-nji maý aýynda bolsa 2-nji gezek Prezident wezipesine saýlanandyr. Bulardan daşary Putin, Birleşen Russiýa Partiýasynyň başlygy wezipesinde hem işländir.

Syýasy durmuşy

[düzet |çeşmäni düzet]

Boris Ýelsiniň Birleşen Russiýa Partiýasyna goşulmazyndan öň Putin 16 ýyl boyunça KGB-de Uly Leýtenant wezipesinde işländir. 1991-nji ýylda öz dogulan ýeri Sankt-Peteburgda syýasata başlaýan Putin, 1996-da Moskwada göçüp barýar we Ýelsiniň partiýasynda tiz wagtda ýokary wezipelere gelmegi başarýar. 1999-njy ýylda Ýelsiniň garaşylmadyk ýagdaýda syýasatdan aýrylmagy netijesinde Putin, geçiji hökümetde "wagtlaýynça doladyryjy prezident" wezipesine başlaýar. 2000-nji ýyldaky prezident saýlawlarynda Putin Russiýa Federsiýaynyň prezidenti wezipesine saýlanýar. 2004-nji ýyldaky prezident saýlawlarynda Putin Russiýa Federsiýaynyň prezidenti wezipesine 2-nji gezek saýlanýar. 2008-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Konstitusiýasynyň 2 gezek prezident saýlanma kodeksine laýyklykda täzeden prezident saýlawlaryna gatnaşmaýar we Przidentligi öz partiýasy Birleşen Russiýadan Dmitri Medwedew gazanýandyr. Putin 2008-2012 ýyllary arasynda RF-niň premiýer ministri bolýar we 2011-nji ýylda "2 gezek prezident saýlanma" kodeksini Konstitusiýadan aýyrýar we 2012-nji ýylda 3-nji gezek Birleşen Russiýa Partiýasyndan prezidentlige saýlanýar.

Putin döwüründe Russiýa ekonomiýasy

[düzet |çeşmäni düzet]

1999-2008-nji ýyllar arasynda RF-niň ekonomiýasy 2,5 esse ulalýar, işgärleriň aýlyklary 3 esse artýar, işsizlik we garyplyk bu döwürden öňki wagt bilen garşylaşdyrdygymyzda 2 esse azalýar. 2014-15 ýyllaryndaky Krym RF-ýe baglama we Dünýa Nebit krizisini göz öňünde tutmasak, Putin wagtynda RF-niň kişi başyna düşýän girdejisi 72% artandyr. Elbetde bulardan daşaryda RF-niň tebigy baýlyklary we Soýuz wagtyndan galan söweş tehnologiýalaryny dogry wagtda we dogry ýerde ulanmagy başaran Putin, RF-yi 15 ýylyň içinde täzeden bütin Dünýade syýasy taýdan sözi geçýan sanaglyja döwletleriň hataryna getirendir.


Stub iconBu biyografiýa sisaýetçi makalaownuk makaladyr. Onyüýtgetmek hem-de ösdürmek arkalyWikipediýa kömek edip bilersiňiz.
Stub iconBu biografiýa makalaownuk makaladyr. Onyüýtgetmek hem-de ösdürmek arkalyWikipediýa kömek edip bilersiňiz.
Çeşmesi: "https://tk.wikipedia.org/w/index.php?title=Wladimir_Putin&oldid=248390"
Kategoriýalar:
Gizlin kategoriýa:

[8]ページ先頭

©2009-2025 Movatter.jp