Movatterモバイル変換


[0]ホーム

URL:


Mazmuna geçiň
Wikipediýa
Gözleg

Mewlid

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Mewlid - (arap.مولد‎‎ «dogluş, doglan gün») manylary aňladýar.Mewlidin näbäwi -Muhammed pygamberiň doglan gününi käbirmusulmanlar belleýärler.Ýöne bu baýramy bellemek hermusulmanyň hernamazda okaýan Fätihä surasyna(Fatyha süresi) garşy...

1. Mähriban we Rehim-şepagatly Allahyň ady bilen.
2. Hamdy-senalar älemleriň Perwerdigäri Alla mahsusdyr.
3. Mähribandyr, Rehim-şepagatlydyr.
4. Din gününiň Eýesidir.
5. Biz diňe Saňa ybadat edýäris we diňe Senden kömek soraýarys!
6. Bizi dogry ýola gönükdir!
7. Gazaba sezewar bolanlaryň we azaşanlaryň däl-de, Öz nygmat berenleriň ýoluna.



Kuran, "Açyjy" surasy.

Bu baýramSaud Arabystan,Katar ýurtlarynda döwlet tarapyndan gadagan edilen.Köp islam alymlary(ulämä) muňa garşy, onuň esasy sebäbi hem bu dine täze girizilen zat(bida).[1][2][3][4][5]Islam teologlarynyň köpüsiMuhammed pygamberiň doglan gününi bellemek däbini gadagan edilen täzelik hasaplaýarlar (bid'a).Mewlid baýramyna garşy çykýanlaryň esasy argumenti, bu baýramçylyk hakda neKuranda, ne-deislam kanunlarynyň esasy çeşmesi bolansunnätdä hiç zat aýdylmaýar.Mundan başga-da,Muhammed pygamberiň sahabalary doglan gün belländiklerini görkezýän hiç zat aýdylmaýar.Munuň tersine,Muhammed pygamberiň köphadyslaryna görä, pygamberislamdan ozal araplar tarapyndan bellenilýän ähli baýramçylyklary ýatyrandygy we musulmanlara diňeagyz beklemek wegurban bermek baýramyny bellemegi buýurýandygy aýdylýar.Tanymal islam alymy we teologMälik ibn Änäs (Mäliki mezhäbiniň düýbüni tutujy) dindäki täzelikler barada şeýle diýdi:

"Irki musulmanlar üçin diniň bir bölegi bolmadyk zat şu günki gün hasap edilmeli däldir."

Eger-deMuhammed pygamberi kim has gowy görýär? diýen sorag bolsa onda hökman onuňsahabalary diýse dogry bolar.SebäbiMuhammed pygamberiň döwründe oňa kömek edenler, onuň ýoluny(sunnät) tutanlar şolardy.Muhammed pygamber dünýeden geçenden soňrada dinde berk durup dünýä ýüzüni dine çagyran, dini öwreden we din ýolunda söweşen şolardy.

Aýt: "Eger Allahy söýýän bolsaňyz, maňa tabyn boluň! Alla hem sizi söýer we günäleriňizi bagyşlar. Alla Bagyşlaýjydyr, Rehim-şepagatlydyr".



Kuran, "Imranyň maşgalasy" surasy, 31-nji aýat.

Bu baýramçylyk edil hristianlaryň "Christmas Day" baýramy ýalydyr.Muhammed pygamber ﷺ aýtdy:

Hristianlaryň Isa ibn Merýemi öwüşleri ýaly meni öwmäň, men diňe Onuň guly. Şeýlelik bilen aýdyň: Allahyň guly we ilçisi "

(Buhari hadysy ýygyndysy. No.1373 (3445).)

Şeýle-de

[düzet |çeşmäni düzet]

Salgylanmalar

[düzet |çeşmäni düzet]
  1. Mewlid -Muhammed pygamberiň ﷺ doglan güni? IslamHouse.com sahypasynda
  2. "Al-Igtisam", 1/64
  3. "Şarh al-arba'un" 24
  4. "Mufhim".
  5. Как ему быть со своей семьей, которая отмечает день рождения пророка /мавлид/ и обижает его словами из-за того, что он не участвует в этом
Çeşmesi: "https://tk.wikipedia.org/w/index.php?title=Mewlid&oldid=214645"

[8]ページ先頭

©2009-2026 Movatter.jp