Andreas SellariusyňHarmonia Macrocosmica (1708) atly eserindäki "Kopernigiň älem baradaky taglymatyny" janlandyrmasy.
Kopernigiň Älem baradaky taglymaty,Nikolaý Kopernigiň älemiň gurluşy barada işläp düzen nukdaýnazarydyr. Kopernik bu barada 1543-nji ýylda çapdan çykan "Asman sferasynyň aýlanmasy barada" atly kitabynda ýazýar. Bu taglymata geliosentrik sistema diýilýär.
Dünýäniň merkezindeÝer däldeGün (grekçe gelios) ýerleşýär;
Şar şekilli Ýer we oňa meňzeş hemme planetalar Günüň daşynda bir ugurda we özdiametrleriniň biriniň daşyndan aýlanýarlar;
Planetalaryň Günüň daşyndaky ýollary (planetalaryň orbitalary) halka şekillidir;
Planetalaryň hereketleriniň tizligi hemişelikdir, ýagny planetalaryň hereketi deňölçeglidir, orbita Güne ýakyn boldugyça planetanyň orbita boýunça hereketiniň çyzykly tizligi uludyr.
Bulardanam daşary, KopernikAý Ýeriň daşyndan aýlanýar we hemra hökmünde Ýer bilen bilelikde Günüň daşyndan aýlanýar diýip hasaplapdyr.