Deýmosyň orbitasy. Deýmos Marsyň ikinji hemrasydyr. Deýmos Marsdan iň uzak nokadynda: 23 463 km, iň ýakyn nokadynda bolsa, 23 453 km uzaklykdadyr. Ortaça, 23 458 km uzaklykdadyr. Onuň orbitasynyň eksentrisiteti: 0.0002-dir. Deýmos Marsyň daşyndan hem-de öz daşyndan 1,26 günde (~30 sagat 14 minut 24 sekuntda) bir gezek aýlanýar. Onuň öz daşyndaky hem-de Marsyň daşyndaky tizligi: 1,351-1,352 km/sek aralygynda üýtgeýär. Öz daşyndaky hem-de Marsyň daşyndaky tizliginiň deňligi sebäpli ol hemFobos ýaly Marsa diňe bir ýüzüni görkezýär.
Fizikiaýratynlyklary. Deýmosyň radiusy: 6.2 km-dir (Aýyň 0,0036 essesi). Massasy: 1.,4763 x 10-uň 15-nji derejesidir. Ortaça dykyzlygy: ~1.48 g/sm3 (Ýeriň 0, 268 essesi).
Deýmos söziGadymy Grek dilinden terjime edeniňde "elhenç" diýmekligi aňladýar. Bu hemra amerikan astronomAsaph Hall tarapyndan 1877-nji ýylyň 12-nji awgustynda tapyldy. Deýmosyň emele gelşi barada birnäçe çaklamalar bar. Emma, häzirki wagtda iň esasy çaklama Deýmosyň aslyndaasteroid guşaklygyndaky bir asteroiddigi Marsyň ýakynyndan geçýärkä, Marsyň dartyş güýjüne garşy durup bilmän häzirkiorbitasyna ýerleşendigidir. Deýmos hem beýleki asteroidler ýaly esasan daşlardan hem-de buzlardan emele gelendigi çaklanylýar.