Bitcoin,merkezi banky ýa-da ýeke bir administrator bolmazdan, araçylar zerurlygy gerekmezdendeň-duşlar arasyndaky bitcoin torunda ulanyjydan ulanyja iberilip bilinýän, merkezi bolmadyksanly pul birligidir.[4] Amallar,kriptografiýa arkaly tordüwümleri tarapyndan tassyklanýar weblok zynjyry diýip atlandyrylýanhalka açyk depderde ýazdyrylýar. Bitcoinler, gazyp almak diýilýän prosesiň baýragy hökmünde döredilýär. Beýleki pul birlikleri, önümler we hyzmatlar bilen çalşyrylyp bilinýär.[5]Cambridge Uniwersiteti tarapyndan geçirilen gözlegiň netijesinde, 2017-nji ýyldakripto pul gapjygy ulanýan 2,9-dan 5,8 million özboluşly ulanyjynyň bardygyny, köpüsiniň bitcoin ulanýandygy çaklanyldy.[6]
Täze bitkoýnlaryň çykarylmagynyň merkezleşdirilmegi gowşadylan bolup durýar, ol haýsydyr bir düzgünleşdiriji edara garaşly däl, emissiýanyň möçberi hem öňünden bellidir. Täze bitkoýnlaryň standart paýy nobatdaky bloga goşulan tranzaksiýalardan gelýän komissiýanyň jemine goşulýar. Sylag hökmünde berilýän ahyrky jemi hem tranzaksiýalar binýadyna nobatdaky blogy goşan adam alýandyr.[13]
Her 210 000 blok emele gelenden soň (takmynan 4 ýyldan bir gezek) sylagyň möçberini täze bitkoýnlar bilen iki esse azaltmak programmirlenen, ýagny bu san azalýan geometrik progressiýa bolup durýar (sylagyň möçberi 50 → 25 → 12,5 → …).[14] Bitkoýnlaryň emissiýasynyň umumy möçberi çäklendirilen bolup durýar, sebäbi ol azalýan geometrik progressiýanyň agzalarynyň jemi bolup durmak bilen, 21 milliondan geçýän däldir.[15] 2014-nji ýylyň maýynda dolanyşykda 12,7 million bitkoýn bolup, 2021-nji ýylyň iýulynda bolsa, dolanyşykda 18,77 million bitkoýn bardy.[16]
Kliýent programmanyň ilki başdaky wersiýalarynda “täze bitkoýnlary generirlemek” diýen düwme bardy.[17] 2013-nji ýyldan bäri ýöriteleşdirilen prosesleri bolmadyk maýning (wideokartalarda ýa-da merkezi prosessorda) düşewüntsiz hala geldi: sarp edilýän elektrik energiýasynyň bahasy ortaça netijeden hem artdy.[18]
2017-nji ýylda kärendesine alynýan kuwwatlylygy ulanmak bilen bulutly maýning hyzmaty peýda boldy.[19] Enjamlar babatda hyzmatlary ýerine ýetirmekligi, interneti sazlamaklygy hem-de oňa birikmekligi, bu hyzmaty ýerine ýetirýän kompaniýa öz üstüne alýar. Köp halatlarda kärendeçi maýning üçin kriptowalýuta we birikmek üçin maýning pul saýlap bilýär.
↑S., L. (2 Noýabr 2015)."Who is Satoshi Nakamoto?".The Economist. The Economist Newspaper Limited. 21 Awgust 2016-da asyl nusgasyndanarhiwlendi. Ýetilen wagty: 23 Sentýabr 2016.
↑Bustillos, Maria (2 Aprel 2013)."The Bitcoin Boom".The New Yorker. Condé Nast. 27 Iýul 2014-de asyl nusgasyndanarhiwlendi. Ýetilen wagty: 22 Dekabr 2013. "Standartlar üýtgeýär, ýöne ulgam, programma üpjünçiligi we üstünde işleýän tor üçin baş harplar bilen ýazylan Bitcoin we pul birliginiň özi üçin kiçi harply bitcoin üçin dörän pikir ylalaşygy bar ýaly."
↑Metcalf, Allan (14 Aprel 2014)."The latest style". Lingua Franca blog. The Chronicle of Higher Education (chronicle.com). 16 Aprel 2014-de asyl nusgasyndanarhiwlendi. Ýetilen wagty: 19 Aprel 2014."